Ýañy başlan durmuşymyz gül ýaly açylandy
Bir birimiziñ ýüregimiz gulp ýaly ýapylandy
Herkim garşy çyksada bildirtmedim ýadamda
Köp kişiler diýipdi sakla ony aýañda
Eýjejikdi şeýle bir bolmasamda ýanyñda
Aýlanýadyñ şondada elmydama ganymda
Arzuwlan Arzuwymdyñ haçan meni gawañda
Köp kişiler diýipdi sakla ony aýañda
Sowuk gijeler kimin doñup barýan buz ýaly
Ýuwaş ýuwaş ýitirýän görünmedi tuman ýaly
Gözledim ýitirmedim gitmegiñe däldim razy
Köp kişiler diýipdi geler hökman eredip buzy
Haçan döneñde menden doñdurdyñ ol buzlary
Uçup gitdiñ uzaklara gurup maña duzaklary
Haçanda gelende wagty dilärin bagtyñy
Köp kişiler diýipdi señ ýüregiñ sadady
Topladym pikirlerimi haçan menden ýadañda
Seretsem gözlerime entägem meñ ýadymda
Unutdym geçmişimi ömür ýyllap söýmäni
Köp kişiler diýer entäk özge bagda gülläni
Şol wagytlary bilsediñ bir içimden ýarylmadym
Aglamadym sensizlikde sensizlikde yaşadym
Ýatladym şol günleri aýtsana ol nirelerde
Köp kişiler diýer entäk söýen ýaryñ özge ýerde
Ýadaryn şo wagty ýaşamany añyñda
Näçe ýyllar geçsede sözler durar sazynda
Öwreder şo wagty şeýtanam girip inni
Köp kişiler diýipdi manysy ýok inni
Meñ bagyma özge girer gül açylan ýaly
Söýgi suwundan içer suw içen ýaly
Durmuşyma getirer ol ýylylyk ýazy
Köp kişiler diýer saña ol eýýam oña razy
Ýürek ýürek birişer ol kiçijek dünýämde
Ene-Ata bolarys bizem haçan ony hüwdüläñde
Bir birimize gülüp bakar haçan ony üwräñde
Kime gerek sen inni özge bagda gülläñde
Bagtyma bagt goşar bezäp meniñ ömrümi
Saklar meni kalbynda gulplap ýüregimi
Ömrüni berer maña sowgat edip dünýäni
Şonda bilersiñ senem hakyky söýgiñ nämedigini