LyricFind Logo
LyricFind Logo
Profile image icon
Lyric cover art

Azasdym Eje (feat. Guwanç Durdyyev)

Apple Music logo
Deezer logo
Spotify logo
Lyrics
Azaşdym ýitirdim ýolumy
ALLAM berseň umydymy
Ejejan azaşdym yitirdim öz yzymy
Aglajak şu gün menem başyña goýup dyzyña
Gürleş meñ bilen Eje goý başyma elleriñi
Senden özgäñ gursagynda tapmadym öz ýerimi
Ylgadym gowluga tarap howlugyp akdy derlerim
Intägem bu ýalançyda durmuş aýlaýa serlerim
Çekdim ezýet seret yşkda ýakyp gowruldym
Otlandy arzuwlarym küle ýanyp sowruldym
Doýsamam iki ýüzliden durmuş diýýä noş bolsun
Diýýän ýaly ykbal söýgiñ özgä artykmaç goş bolsun
Geçirdim menem ýuwdunup bolmajak daşlary
Içimden agladym doldy gözimiñ ýaşlary
Içimdäki harasatlar seret oglyňy ýuwutdy
Eje näme üçin aýtsana bagt meni unutdy
Ýenede bakdym şol tarapa bagta tarap umytly
Münjek eger müdimilige eltse meni bul otly
Azaşdym ýitirdim ýolumy
ALLAM berseň umydymy
Azaşdym ýitirdim ýolumy
ALLAM berseň umydymy
Ýitirsemde umudymy sabr etdim dileglerde
Derman bamy Ejejan bedenimdäki derdime
Ýol ýok hiç ýerlerde çykar ýaly çur kertine
Derdin beren ALLAH berer uýdym seniň pendiňe
Duýgulam bilen oýnadylar olar haram oýnuny
Ýakynsyrap oýnadylar Eje sada oglyňy
Aýtsana maňa Ejejan inni şolanky dogrymy
Dost bilen söýgi sözün ýigrendim men dogrysy
Ýöreýän ýollarymda näme üçin ýapyk gapylar
Gözlesemde her ýerden mesele mydam tapylar
Şu sapar men günäsiz kim çaklasa çaklasyn
Näme diýeýin Ejejan beterinden saklasyn
Şu tümlükmi Ejejan ýada şulam bagytmy
Hemme zady pul çözýämi ýa aýtsana wagtmy
O birem bahasyz ýada bary ýalanmy
Ýa-da men başaramok ýa-da dünýe ýamanmy
Azaşdym ýitirdim ýolumy
ALLAM berseň umydymy
Azaşdym ýitirdim ýolumy
ALLAM berseň umydymy

WRITERS

Keydx Eagles Official

PUBLISHERS

Lyrics © O/B/O DistroKid

Share icon and text

Share


See A Problem With Something?

Lyrics

Other

LyricIQ Analysis

Top Emotion

Sadness

Sentiment
Thumbsup IconThumbsup IconThumbsup Icon
Theme

None